ÝB Geňeşiniň Başlygy Ukrainada Saparda Boldy

“Borodýanka hem Buça we Ukrainadaky beýleki şäherler ýaly. Taryh bu ýerde edilen harby jenaýatlary asla ýatdan çykarmaz"

1815480
ÝB Geňeşiniň Başlygy Ukrainada Saparda Boldy

ÝB Geňeşiniň başlygy Çarles Mişel, Russiýa bilen 24-nji fewraldan bäri söweşiň dowam edýän ýeri bolan Ukrainanyň paýtagty Kiýewe bardy.

Mişel paýtagt Kiýew bilen birlikde Ukrainada ýaňadandan gözegçilik astyna alynan Borodýanka şäherine hem baryp gördi.

Çarles Mişel Twitterden beren habarnamasynda “Borodýanka hem Buça we Ukrainadaky beýleki şäherler ýaly. Taryh bu ýerde edilen harby jenaýatlary asla ýatdan çykarmaz. Adalat bolmasa parahatçylyk bolmaz” diýdi.

ÝB Geňeşiniň başlygy Mişel saparynyň çäginde, Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenkiý bilen hem duşuşdy.

Zelenskiý duşuşyk hakynda sosial mediadan beren habarnamasynda “Mişel şu gün Kiýewe geldi. Russiýa goýlan sanksiýalar, döwletimize berilýän goranyş we maliýe kömegi bilen ÝB-niň kadalary hakynda pikir alyşdyk. Halkymyza berýän goldawlary üçin minnetdar” diýdi.

ÝB Komissiýasynyň başlygy Ursula fon der Laýen bilen ÝB-nyň Daşarky gatnaşyklardan we howpsyzlyk jogapkär ýokary wekili Borrel hem 8-nji aprelde Kiýewde saparda bolupdy.

 



Degişli Habarlar