Russiýa-Ukraina söweşi sebäpli goňşy ýurtlara geçýän ukrainalylaryň sany artýar

Russiýanyň 24-nji fewralda başladan söweşi sebäpli Ukrainada goňşy ýurtlara geçenleriň sany 5 million 34 müň 439 adama ýetdi

1815349
Russiýa-Ukraina söweşi sebäpli goňşy ýurtlara geçýän ukrainalylaryň sany artýar

BMG-nyň Bosgunlar boýunça ýokary komissarlygy tarapyndan berilen beýanatda, Ukrainadaky bosgun krizisi bilen baglanşykly biri-birinden tapawutly habar çeşmelerden ýygnalan maglumatlary paýlaşdy. 

Şoňa laýyklykda 24-nji fewral-19-njy aprel aralygynda ýarsyndan gowragy Polşa bolmak bilen Ukrainadan jemi 5 million 34 müň 439 adamyň goňşy ýurtlara göçendigi habar berildi. 

Ukrainalylaryň goňşy ýurtlardan iň köp Polşa (2 million 825 müň 463 adam), Rumyniýa (757 müň 47 adam), Russiýa (549 müň 805 adam), Wengriýa (471 müň 80 adam), Moldawiýa (426 müň 964 adam), Slowakiýa (342 müň 813 adam) we Belarussiýa (23 müň 759 adamy) geçendigi bellenen beýanatda, Donetsk we Lugansk sebitlerinden bolsa 18-23-nji fewral aralygynda 105 müň adamyň Russiýa geçendigi aýan edildi. 


Etiketkalar: #bosgun , #Ýewropa , #Ukraina

Degişli Habarlar