Russiýa materikara ballistik raketa synagyny geçirdi

Russiýa Sarmat atly materikara ballistik raketa synagyny geçirdi

1815512
Russiýa materikara ballistik raketa synagyny geçirdi

Russiýanyň Goranmak ministrligi tarapyndan berilen beýanatda, Sarmat raketasynyň Arhangelsk sebitinden uçurylyp, Kamçatkada ýerleşdirilen nyşanany ýok edendigi mälim edildi. 

Russiýanyň Döwlet ýolbaşçysy Wladimir Putin, raketa synagy bilen bagly beren beýanatynda, Sarmatyň Russiýanyň howpsuzlygyny üpjün etjekdigi bellenip: "Bu ýarag agressiw beýanatlaryň gyzygynlygy bilen bize hemle atmaga synanyşýanlary ýene-de bir gezek oýlandyrar" diýip belledi. 

Russiýa 1988-nji ýyldan bäri inwentarynda bolan, Günbatar döwletler tarapyndan "Şeýtan" diýip häsýetlendirilýän materikara ballistik raketa bolan "Woýewoda"-nyň ýerine goýmak maksady bilen oýlanyp tapyldy. 

2010-njy ýyldan bäri üstünde işlenýän, "Woýewoda" raketasyndan has köp ýadro boýegolowka göterip bilýän, has uly menzile eýe bolan raketanyň Demirgazyk we Günorta polýusdaky nyşanalary ýok etmek mümkinçiligine eýedir. 

Sarmat-yň takmynan 200 tonnalyk agyrlygy we gysga möhletli aktiw uçuş aýratynlygy bilen häzirki wagtda bar bolan raketa ulgamlary tarapyndan öňüniň alynmagynyň mümkin bolmandygy öňe sürüldi. Harby hünärmenler Sarmatyň 11-18 müň km aralygynda menzile eýedigini beýan edýärler. 



Degişli Habarlar