Jon Kirbi Ukraina Uçarlaryň Ätiýaç Şaýlaryny Berýändiklerini Beýan Etdi

ABŞ-nyň Goranmak ministrliginiň metbugat Sekretary Jon Kirbi Ukraina başga ýurtlaryň uçar berýändigini, özleriniň bolsa uçarlaryň ätiýaç şaýlaryny üpjün edýändigini aýtdy.

1815004
Jon Kirbi Ukraina Uçarlaryň Ätiýaç Şaýlaryny Berýändiklerini Beýan Etdi

Kirbi gündelik metbugat ýygnagynda Ukraina ýarag we harby enjam kömegini dowam edýändiklerini aýtdy.

Ukrainanyň has we güýçli ýarag talaby boýunça soraglara jogap beren Kirbi; “Ukrainalylaryň häzirki wagtda iki hepde ozalkysyndan has köp uçary bar. Bu tötänlik däl. Bu, olaryň bilýän uçar görnüşlerinden alýandyklary üçindir” diýdi.

Kirbi başga ýurtlaryň Ukraina goşmaça uçar berip bermändigi hakynda bolsa; “Detallara girmän şuny aýdasym gelýär, başga milletler olara goşmaça platformalary berdi. Şeýlelikde flotlaryny giňeltdiler. Aýratynam çäkli platformalary we ätiýaç şaýlary hem aldylar. Bärde platforma diýýänim, uçar. Ýagny ençeme uçar aldylar we şol uçarlary uçurmak üçin ätiýaç şaý aldylar” diýdi.

Kirbi ABŞ-nyň uçar bermändigini, emma uçarlaryň ätiýaç şaýlaryny üpjün edendigini aýtdy.



Degişli Habarlar