Litwa Russiýanyň Baltika sebitinde ýadro ýaragynyň bardygyny habar berdi

Litwanyň Goranmak ministri Atwidas Anusauskus, Russiýanyň Baltika sebitinde ýadro ýaraglarynyň bardygyny öňe sürdi

1812432
Litwa Russiýanyň Baltika sebitinde ýadro ýaragynyň bardygyny habar berdi

Estoniýanyň BNS habarlar agentligine beýanat Litwanyň Goranmak ministri Atwidas Anusauskus, Russiýanyň Baltika sebitine ýarag ugradyp biljekdigi bilen bagly beýanatynyň üstünde durup geçdi. 

Litwanyň Goranmak ministri Atwidas Anusauskus, ady geçen beýanatyň geň galdyryjydygyny belläp, Litwanyň günorta serhediniň 100 km alysynda Russiýanyň Baltika deňizine kenary bolan Kaliningrad sebitinde ýadro ýaragyň bardygyny mälim etdi. 

Russiýa bilen gury ýer baglanşygynyň bolmadyk Kaliningrad sebiti, Litwa bilen Polşanyň arasynda 15 müň ind kilometrlik bir meýdanda ýerleşýär. 

Russiýanyň Howpsuzlyk geňeşiniň başlygynyň wekili Dmitriý Medwedew düýn beren beýanatynda, Şwesiýanyň we Finlýandiýanyň NATO agza bolmak üçin ýüz tutan halatynda Russiýanyň Baltika deňizindäki harby barlygyny güýçlendirjekdigini we sebite ýadro ýarag ugratjakdygyny beýan edipdi. 



Degişli Habarlar