ABŞ Bilen Gollandiýa, Ukraina Meselesinde Russiýa Garşy Birlikde Hereket Eder

Blinken, Gollandiýanyň Daşary işler ministri bilen paýtagt Waşingtonda duşuşdy.

1812938
ABŞ Bilen Gollandiýa, Ukraina Meselesinde Russiýa Garşy Birlikde Hereket Eder

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Entoni Blinken bilen Gollandiýanyň Daşary işler ministri Wopke Hukstra, Russiýanyň Ukraina garşy başladan söweşinde adam pidalarynyň çekilmegini ýazgarýandyklaryny we Moskwa garşy NATO agza ýurtlaryň arkalaşykly hereket etmäge dowam etjekdigini nygtady.

Blinken, Gollandiýanyň Daşary işler ministri bilen paýtagt Waşingtonda duşuşdy.

ABŞ-nyň Döwlet sekretarlygyndan berlen ýazmaça beýannamada, Blinken bilen Hukstranyň, Russiýanyň “Ukrainada Buçada we beýleki ýerlerde asuda ilaty öldürmegini ýazgarýandyklary” we “jogapkärleriniň adalatyň öňünde jogap bermekleriniň üstünde işleýändikleri” nygtaldy.

Beýannamada, ABŞ bilen Gollandiýanyň Moskwa garşy NATO-nyň çäginde Ukraina meselesinde birlikde hereket etmäge dowam etjekdigi ýatladyldy.

Beýannamada, Blinken bilen Hukstranyň Ukraina beriljek täze goranyş kömegi hakynda pikir alyşandygy bellenildi.

 

 



Degişli Habarlar