Ukrainanyň Baş ştaby Russiýanyň goşunynyň ýitgileri barada maglumat berdi

Ukraina garşy 24-nji fewralda söweş başladan Russiýanyň goşunynyň 19 müň 900 esgerini, 160 uçaryny, 144 dikuçaryny we 753 taňkyny ýitirendigi mälim edildi

1812288
Ukrainanyň Baş ştaby Russiýanyň goşunynyň ýitgileri barada maglumat berdi

Ukrainanyň Baş ştaby Russiýanyň goşunynyň 24-nji fewral-14-nji aprel aralygynda çeken harby ýitgileri barada maglumat berdi.

Berilen maglumatlara laýyklykda Ukraina hüjüm başladan Russiýanyň goşunyndan 19 müň 900 esger öldürildi, ruslara degişli 160 uçar, 144 dikuçar, 753 taňk, 1963 sowutly ulag, 366 top, 122 raketa ulgamy we 64 howa goranyş ulgamy hatardan çykaryldy. 

Russiýanyň goşuny şeýle hem 1437 ulagyny, 7 gämi we ýokary tizlikli katerini, 76 ýangyç ulagyny we 134 uçarmansyz howa ulagyny ýitirdi. 

Russiýanyň Goranmak ministrliginden 25-nji martda berilen beýanatda Ukrainada 1351 rus esgeriň ýogalandygy beýan edilipdi. 

Beýleki tarapdan Russiýanyň Goranmak ministrligi Ukrainanyň Mariupol şäherinde soňky 24 sagatda 1160 ukrainaly esgeriň ýesir alynandygyny habar berdi. Beýanatda ýesir alynan harbylaryň 176-synyň ofiserlerden we 47-siniň zenan esgerlerden ybaratdygy mälim edildi. 

Russiýanyň goşuny 24-nji fewralda Ukraina garşy söweş başladypdy. 



Degişli Habarlar