Russiýa-Ukraina söweşi sebäpli Ukrainada asuda ilatdan azyndan 1932 adam ýogaldy

Russiýa-Ukraina söweşi sebäpli goňşy ýurtlara geçýän ukrainalylaryň sany artmaga dowam edýär

1812132
Russiýa-Ukraina söweşi sebäpli Ukrainada asuda ilatdan azyndan 1932 adam ýogaldy

Russiýa-Ukraina söweşi sebäpli Ukrainada asuda ilatdan azyndan 1932 adam ýogaldy, 2 müň 589 adam ýaralandy, hüjümleriň netijesinde 4 million 656 müň 509 adam goňşy ýurtlara geçdi. 

BMG-nyň Bosgunlar boýunça ýokary komissarlygy tarapyndan berilen beýanatda, Ukrainadaky bosgun krizisi bilen baglanşykly biri-birinden tapawutly habar çeşmelerden ýygnalan maglumatlar paýlaşyldy. 

Şoňa laýyklykda 24-nji fewral-12-nji aprel aralygynda ýarsyndan gowragy Polşa bolmak bilen Ukrainadan jemi 4 million 656 müň 509 adamyň goňşy ýurtlara göçendigi habar berildi. 

Ukrainalylaryň goňşy ýurtlardan iň köp Polşa (2 million 669 müň 637 adam), Rumyniýa (709 müň 249 adam), Russiýa (433 müň 83 adam), Wengriýa (434 müň 342 adam), Moldawiýa (415 müň 850 adam), Slowakiýa (323 müň 20 adam) we Belarussiýa (21 müň 292 adam) geçendigi bellenen beýanatda, Donetsk we Lugansk sebitlerinden bolsa 21-23-nji fewral aralygynda 113 müň adamyň Russiýa geçendigi aýan edildi. 

BMG-nyň Bosgunlar boýunça ýokary komissarlygynyň metbugat geňeşçisi Şabiýa Mantu Anadoly habarlar agentligine beren beýanatynda, käbir Ukrainaly bosgunlaryň goňşy ýurtlaryň araysnda syýahat edýändigi üçin umumy görkezijileriň ýokary çykýandygyny habar berdi. 

Ukrainada goňşy ýurtlara geçenleriň ýüz müňlerçesiniň ol ýerlerden beýleki Ýewropa ýurtlaryna geçýändigi mälim edildi.

BMG-nyň Halkara Migrasiýa guramasy hem Ukrainanyň içinde 7,1 million adamyň öz ýaşaýan ýerlerinde başga ýerlere göçmäge mejbur galandygyny beýan etdi.

BMG-nyň Adam hukuklary Ýokary komissarlygyndan berilen beýanatda, Russiýa-Ukraina söweşinde 24-nji fewral-12-nji aprel aralygynda asuda ilatdan azyndan 1932 adamyň ýogalandygy, 2 müň 589 adamyň bolsa ýaralanandygy aýan edildi.

Asuda ilat ýitgileriniň we ýaralanan adamlaryň sanynyň beýan edilenden has köp bolup biljekdigi habar berildi. 

Beýleki tarapdan Ukrainanyň Baş Prokuraturasyndan berilen beýanatda, Russiýanyň hüjümleriniň başlan güni bolan 24-nji fewraldan bäri 197 ukrain çaganyň ýogalandygy, 351 çaganyň bolsa ýaralanandygy mälim edildi. 



Degişli Habarlar