Russiýa Ukrainanyň Mariupol şäherinde ukrain esgerleriň boýun egendigini öňe sürdi

Russiýanyň Goranmak ministrliginiň metbugat sekretary Igor Konaşenkow, Mariupol şäherinde 1 müň 26 ukrainaly esgeriň ýaraglaryny taşlap boýun egendigini öňe sürdi

1811721
Russiýa Ukrainanyň Mariupol şäherinde ukrain esgerleriň boýun egendigini öňe sürdi

Russiýanyň Goranmak ministrliginiň metbugat sekretary Igor Konaşenkow: "Mariupol şäheriniň Ilýiç metallurgiýa desgasynyň çäklerinde Russiýanyň harby birikmeleri we Donetsk Halk Respublikasynyň harby güýçleri bilen bilelikde geçiren üstünlikli operasiýasynyň netijesinde 36-njy Deňiz pyýada goşunyna degişli 1 müň 26 ukrainaly esger meýletin ýagdaýda ýaraglaryny taşladylar we boýun egdiler. Harbylaryň arasynda 162 ofiser we 47 zenan esger bar" diýip belledi. 

Konaşenkow, ýaralanan 151 ukrainaly esgere lukmançylyk kömeginiň berilendigini we bejergilerı üçin Mariupol hassahanasyna ugradylandygyny öňe sürdi. 

Düýn gijäniň dowamynda deňizden we howadan ýokary takyk raketalar bilen Sadawoýe we Çudnow ýaşaýyş ýerleriniň golaýyndaky Ukrainanyň goşunyna degişli 2 uly raketa we artilleriýa ammarynyň ýok edilendigini aýdan Konaşenkow, Mirgorod harby howa bazasynda bolsa 2 sany Mi-24 we 2 sany Mi-8 bolmak bilen jemi 4 harby dikuçaryň hatardan çykarylandygyny öňe sürdi. 

Russiýanyň Harby-howa güýçleriniň Ukraina degişli 46 harby nyşanany ýok edendigini aýdan Konaşenkow, raketa we artilleriýa brigadalarynyň bolsa aralarynda tehniki ulaglar, ştab merkezi we ýarag we ok-däri ammarlary bolan jemi 693 nyşanany ýok edendigini öňe sürdi. 

Konaşenkow: "Ukrainanyň goşunyna degişli şu günki güne çenli 130 uçar, 103 dikuçar, 244 aýry howa goranyş ulgamy, 447 uçarmansyz howa ulagy, 2 müň 169 taňk we sowutly ulag, 243 köp nilli raketa ulgamy, 931 gaubisa we minomýot, 2 müň 76 ýörite harby ulag ýok edildi" diýip belledi.



Degişli Habarlar