Polşanyň, Latwiýanyň, Litwanyň we Estoniýanyň liderleri Ukraina sapar guraýarlar

Polşa, Latwiýa, Litwa we Estoniýa ýaly ýurtlaryň liderleri Ukrainanyň Döwlet ýolbaşçysy Wladimir Zelenskiý bilen duşuşyk geçirmek üçin Kiýew şäherine sapar gurarlar

1811661
Polşanyň, Latwiýanyň, Litwanyň we Estoniýanyň liderleri Ukraina sapar guraýarlar

Estoniýanyň Prezidenti Alar Karisiň Twitter hasabyndan paýlaşan materialda, liderleriň Ukraina degişli bir otlynyň daşynda surat paýlaşyldy, emma sapar barada jikme-jik maglumat berilmedi. 

Karis beren beýanatynda: "Ukrainanyň halkyna berýän güýçli goldawymyzy görkezmek üçin Andžeý Duda, Gitanas Nauseda we Egils Lewits bilen Ukraina sapar guraýarys, hormatly dostumyz Prezident Zelenskiý bilen duşuşyk geçireris" diýip habar berdi. 

Sapara Estoniýanyň Prezidenti Alar Karis bilen birlikde Polşanyň Prezidenti Andžeý Duda, Litwanyň Prezidenti Gitanas Nauseda we Latwiýanyň Prezidenti Egils Lewits gatnaşýar.  



Degişli Habarlar