Ýaponiýa, Russiýa Sanksiýa Goýmaga Dowam Edýär

Ýapon hökümeti, 398 rus raýaty bilen 28 rus guramanyň emlagynyň saklanmagy hakynda karar kabul etdi.

1810959
Ýaponiýa, Russiýa Sanksiýa Goýmaga Dowam Edýär

Ýapon hökümeti, 24-nji fewralda Ukraina garşy söweş yglan eden Russiýa sanksiýa goýmaga dowam edýär.

Ýapon hökümeti, 398 rus raýaty bilen 28 rus guramanyň emlagynyň saklanmagy hakynda karar kabul etdi.

Sanksiýa goýlan rus raýatlarynyň hatarynda döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putiniň gyzlary Katerina Tihonowa we Maria Worontsowa bilen Daşary işler ministri Sergeý Lawrowyň aýaly hem ýer alýar.

Hökümetiň, ýapon firmalarynyň we raýatlarynyň Russiýa maýa goýmagyny hem gadagan etjekdigi nygtalýar.

Ýapon hökümetiniň metbugat sekretary Matsuno Hirokazu, metbugata beren beýannamasynda, Russiýa-Ukraina söweşinde adam pidalarynyň artmazlygy we gysga wagtda hüjümleriň bes edilmegi üçin Moskwa sanksiýa goýmaga dowam etjekdigiklerini belledi.

 



Degişli Habarlar