Russiýanyň Ukrainada guran hüjümlerinde 183 çaga ýogaldy

Russiýanyň goşuny 24-nji fewralda Ukraina garşy söweş başladypdy

1810399
Russiýanyň Ukrainada guran hüjümlerinde 183 çaga ýogaldy

Russiýanyň 24-nji fewralda Ukraina garşy başladan hüjümlerinde şu günki güne çenli 183 çaga ýogaldy, 342 çaga bolsa ýaralandy. 

Werhownaýa Radanyň Adam hukuklary komissary Lýudmila Denisowa, hüjümlerde ýogalanlaryň arasynda ýüzlerçe çaganyň bardygyny belläp: "11-nji aprel ýerli wagt bilen sagat 08:00-a çenli ruslaryň guran hüjümlerinde jemi 183 çaga ýogaldy we 342 çaga ýaralandy" diýip habar berdi. 

Lýudmila Denisowa, Russiýanyň harby güýçleriniň Ukrainada hüjümlerini dowam etdirmegi sebäpli çagalaryň arasyndaky anyk ýitgileri aýtmagyň mümkin bolmandygyny beýan etdi. 

Russiýanyň goşuny 24-nji fewralda Ukraina garşy söweş başladypdy. 


Etiketkalar: #çaga , #hüjüm , #Ukraina , #Russiýa

Degişli Habarlar