Andžeý Duda Russiýanyň Harby Jenaýat Işleýändigini Beýan Etdi

Polşanyň Prezidenti Andžeý Duda Russiýanyň Ukrainada harby jenaýat işleýändigini we Polşa howp salýandygyny aýtdy.

1808852
Andžeý Duda Russiýanyň Harby Jenaýat Işleýändigini Beýan Etdi

Duda: “Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putine has agyr embargolar goýulmaly” diýdi.

“JNN” ýaýlymyna beýannama beren Duda, Ukraina söweş yglan eden Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putiniň duruzylmalydygyny aýtdy.

Russiýanyň Ukrainada edenlerinin, harby jenaýatlarynyň “genosid” kesgitlemesine bap gelýändigini öňe süren Duda, Putiniň söweşden ozal Ukraina hakynda aýdanlarynyň gyrgynçylyk etmek üçin bahandygyny beýan etdi.

Andžeý Duda Russiýanyň 2014-nji ýylda Ukraina we 2008-nji ýylda Gruziýa hüjüm edendigini ýatladyp, Putin bilen dialoguň mantykly däldigini nygtady.

Russiýanyň Polşa üçin hem howp emele getirýändigini beýan eden Duda; “Polşa potensial taýdan Russiýa tarapyndan  howp salynýandygyna hiç kim şübhe bilen garamaýar. Wladimir Putine has agyr embargolar goýulmaly. Netijesiz dialoglary dowam etdirmek wagt utmak üçin edilýän oýundan ybarat. Şeýle ikiçäk duşuşyklarda Russiýanyň medeni tarapyny görkezmegine rugsat berilýän bolsa, beýleki tarapdan wagşy jenaýatlar edýärler” diýdi.



Degişli Habarlar