Ukraina Russiýanyň goşunynyň ýitgileri barada beýannama berdi

Ukrainanyň Baş ştaby Russiýanyň goşunynyň 24-nji fewral-5-nji aprel aralygynda çeken harby ýitgileri barada maglumat berdi

1807513
Ukraina Russiýanyň goşunynyň ýitgileri barada beýannama berdi

Berilen maglumatlara laýyklykda Ukraina hüjüm başladan Russiýanyň goşunyndan 18 müň 500 esger öldürildi, ruslara degişli 150 uçar, 134 dikuçar, 676 taňk, 1858 sowutly ulag, 332 top, 107 raketa ulgamy we 55 howa goranyş ulgamy hatardan çykaryldy. 

Russiýanyň goşuny şeýle hem 1322 ulagyny, 7 gämi we ýokary tizlikli katerini, 76 ýangyç ulagyny we 94 uçarmansyz howa ulagyny ýitirdi. 


Etiketkalar: #ýitgi , #harby , #Russiýa , #Ukraina

Degişli Habarlar