Russiýa Ukrainanyň goşunynyň ýitgileri barada maglumat berdi

Russiýanyň Goranmak ministrliginiň metbugat sekretary Igor Konaşenkow, Ukrainanyň goşunyna degişli 17 harby infrastrukturanyň düýn ýok edilendigini habar berdi

1807304
Russiýa Ukrainanyň goşunynyň ýitgileri barada maglumat berdi

Russiýanyň Goranmak ministrliginiň metbugat sekretary Igor Konaşenkow, paýtagt Moskwa şäherinde beren beýanatynda, Russiýanyň goşuny bilen Donbassdaky separatist toparlaryň Ukrainada öňe gidişlik etmäge dowam edýändigini habar berdi. 

Russiýanyň harby güýçleriniň Ukrainadaky harby infrastruktura garşy hüjüm guramaga dowam edýändigini aýdan Konaşenkow: "Ukrainada günüň dowamynda uçarlar bilen guralan howa hüjümlerinde 17 harby infrastruktura ýok edildi" diýip beýan etdi. 

Konaşenkow: "Şu günki güne çenli Ukrainanyň goşunyna degişli 125 uçar, 91 dikuçar, 394 uçarmansyz howa ulagy, 226 howa goranyş raketa ulgamy, 1948 taňk we sowutly ulag, 212 köp nilli raketa ulgamy, 838 gaubisa we minomýot, 1842 ýörite harby ulag hatardan çykaryldy" diýip belledi. 

Russiýanyň goşuny 24-nji fewralda Ukraina garşy hüjüm başladypdy. 



Degişli Habarlar