“Russiýa Buçada Harby Jenaýat Etdi”

“Eger goşunymyz we halkymyz özüni goramadyk bolsady, ruslar edil Buçada bolşy ýaly Ukrainanyň ähli künjesinde gyrgynçylyk ederdi”

1807144
“Russiýa Buçada Harby Jenaýat Etdi”

Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiý, Buçada edilen gyrgynçylygyň “harby jenaýatdygyny” nygtady, “Rus goşuny näme üçin beýle hereket etdi” diýdi.

Wladimir Zelenskiý Buça şäherinden baryp görenden soň  wideo aragatnaşyk ulgamy arkaly Ruminiýanyň parlamentinde çykyş etdi.

Buçada başdan geçirlen gyrgynçylygyň “harby jenaýatdygyny” nygtan Zelenskiý, halkyň tanklar tarapyndan ezilendigini, doly subutnama bolmasada gynalan ynsanlaryň bardygyna ünsi çekdi.

Russiýanyň, has köp adamyň ýogalmagyny isleýändigini aýdan Zelenskiý “Eger goşunymyz we halkymyz özüni goramadyk bolsady, ruslar edil Buçada bolşy ýaly Ukrainanyň ähli künjesinde gyrgynçylyk ederdi” diýdi.

Russiýanyň ýeke-täk maksadynyň Ukraina bolmandygyny öňe süren Zelenskiý, Russiýanyň Odessa hüjüm etmek we şol ýerden hem Moldowa tarap gitmek isleýändigini ýatlatdy.

Ukrainanyň Prezidenti Zelenskiý, merkezi Ýewropanyň we Garadeňiz sebitinin geljeginiň Ukrainada kesgitlenjekdigini belledi.

 



Degişli Habarlar