Polşa Germaniýanyň Russiýa syýasatyny tankyt etdi

Polşanyň Wise-premýeri Ýaroslaw Kaçinskiý, Germaniýany Russiýa bilen ýakyn gatnaşyklar saklamakda günäkärledi

1806342
Polşa Germaniýanyň Russiýa syýasatyny tankyt etdi

Polşanyň Wise-premýeri Ýaroslaw Kaçinskiý Germaniýanyň Die Welt gazedine beren interwýusynda, Russiýa-Ukraina söweşiniň üstünde durup geçip: "Germaniýanyň hökümedi eýýäm ençeme ýyllap Putiniň ýolbaşçylygyndaky Russiýanyň näme etmek isleýändigini görmek islemedi. Netijesini şu günki gün görýäris" diýip belledi. 

Russiýanyň nebit eksportyndan tebigy gaza garanyňda 5 esse köp girdeji alýandygyny aýdan Ýaroslaw Kaçinskiý, Germaniýany Ukraina ýeterlik derejede ýarag bermezlikde we rus nebitine embargo goýmazlykda günäkärledi. 

Polşanyň Adalat ministri Zbigniew Ziobro bolsa, Russiýa-Ukraina söweşi sebäpli Russiýany nyşana alýan sanksiýalara iň köp Germaniýanyň garşy bolýandygyny habar berdi. 

Ziobro, Germaniýanyň Russiýa garşy berk sanksiýalara garşy bolan iň möhüm aktýordygyny, Wengriýanyň bolsa bu babatda töhmediň astynda galan ýurtdygyny beýan etdi. 

Russiýanyň goşuny 24-nji fewralda Ukraina garşy harby hüjüm başladypdy. 


Etiketkalar: #Polşa , #Ukraina , #Germaniýa

Degişli Habarlar