ABŞ, Ukraina 500 Million Dollarlyk Ýardam Berer

Baýden bilen Zelenskiý telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

1804680
ABŞ, Ukraina 500 Million Dollarlyk Ýardam Berer

ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden, ýurdunyň Ukraina 500 million ýardam bermek isleýändigini aýtdy.

Ak Tamdan berlen ýazmaça beýannama görä, Baýden bilen Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiý telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Iki lider telefon söhbetdeşliginde ABŞ-nyn we hyzmatdaşlarynyň Ukraina harby we ykdysady taýdan berýän kömekleri bilen birlikde Russiýa goýlan sanksiýalar hakynda pikir alyşdy.

Baýden bilen Zelenskiý, ABŞ-nyň we hyzmatdaşlarynyň Ukriananyň howpsyzlyk talaplarynyň kepillendirilmegi meselesini hem ara alyp maslahatlaşdy.

Jo Baýden telefon söhbetdeşliginde, ýurdunyň Ukrainanyň hökümetine gönüden 500 million dollarlyk kömek bermek isleýändigini aýtdy.

Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiý hem Baýdene ýurdunyň Russiýa bilen geçirýän gepleşikleri barada maglumat berdi.

 



Degişli Habarlar