ABŞ Russiýany azyk daşaýan gämilere päsgel bermek bilen günäkärledi

ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary Wendi Şerman, Russiýany dünýä bazary üçin azyk daşaýan takmynan 94 gäminiň Ortaýer deňizine geçmegine päsgel bermek bilen günäkärledi

1804403
ABŞ Russiýany azyk daşaýan gämilere päsgel bermek bilen günäkärledi

ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary Wendi Şerman, BMG-nyň Howpsuzlyk geňeşiniň maslahatynda eden çykyşynda: "Ukrainadaky söweşiň we global azyk howpsuzlygyna täsiriň ýeke täk jogapkäri Russiýa" diýip belledi. 

Russiýanyň Ukraina garşy 24-nji fewralda başladan söweşinden soň gabaw astyna alan Mariupol şäherindäki asuda ilatyň açlykdan ölme howpyny başlaryndan geçirýändigine ünsleri çeken Şerman: "Bäş hepde ozal galla eksporty bilen dünýäni ekleýän Mariupol şäheriniň ýaşaýjylary şu günki gün Russiýanyň Döwlet ýolbaşçysy Wladimir Putiniň söweşi sebäpli ölýärler" diýip belledi. 

Dünýäniň bugdaý eksportynyň 30 göteriminiň, mekgejöwen eksportynyň 20 göteriminiň we günebakar ýagynyň eksportynyň 75 göteriminiň Gara deňiz sebitinden amala aşyrylýandygyny aýdan Şerman, Putiniň söweşiniň global azyk howpsuzlygyna wehim salýandygy barada duýduryş berdi. 

Russiýanyň Gara deňizde önüm daşaýan azyndan 3 ýük gämisini bombalandygyny aýdan Şerman: "Russiýanyň flody Ukrainanyň portlaryna geçilmegine rugsat bermän, galla eksportynyň öňüne böwet bolýar. Dünýä bazary üçin azyk daşaýan takmynan 94 gäminiň Ortaýer deňizine geçmegine päsgel berýär" diýip mälim etdi. 

Beýik Britaniýanyň BMG-daky hemişelik wekili Barbara Wudword: "Russiýa söweş babatyndaky işdäsi bilen dünýäniň stolundaky naharyny elinden alýar" diýen bolsa, fransuz ilçi Nikolýa de Riwýer bolsa Russiýany dünýä derejesindäki gytçylyk howpuny artdyrmak bilen günäkärledi. 

Russiýa we Hytaý bolsa global azyk bazaryndaky tolgunmalaryň jogapkäriniň Günbataryň sanksiýalardygyny we ykdysady embargolardygyny öňe sürdi. 

 



Degişli Habarlar