Russiýa Nebit we Tebigy Gaz Bazaryndan Çetleşdirilmeli

ÝB-niň Halkara gatnaşyklar we Howpsuzlyk syýasatlary boýunça ýokary Wekili Žozep Borrell Russiýanyň dünýäbiň nebit we tebigy gaz bazaryndan dessine çetleşdirilmelidigini aýtdy.

1804112
Russiýa Nebit we Tebigy Gaz Bazaryndan Çetleşdirilmeli

Borrell merkezi Belgiýada ýerleşýän Ýewropanyň Halkara gatnaşyklar geňeşi atly guramanyň geçiren “Geosyýasy Ýewropanyň emele gelişi” atly maslahata gatnaşdy.

Russiýadan energiýa garaşsyzlygynyň alynmagyny Ukrainada 24-nci fewraldan bäri dowam edýän söweşiň önünde ÝB üçin esasy geosyýasy kynçylyk hökmünde häsýetlendiren Borrell, Ýewropanyň “ýumşak güýçden” “berk güýce” öwrülmek bilen bagly kynçylyklary başdan geçirýändigini nygtap, energiýa garaşsyzlygynyň möhümdigine ünsi çekdi.

Krymyň Russiýa birikdirilmeginden soň hem bu meseläniň gün tertibine gelendigini, emma hiç hili netice alynmandygyny ýatladan Borrell; “Edilmeli iň ýerlikli iş Russiýany nebit we tebigy gaz bazaryndan çetleşdirmek, ony gysga möhletde iş ýüzüne geçireliň” diýdi.



Degişli Habarlar