Britaniýa Russiýa garşy girizen sanksiýalaryny aýyrmaz

Boris Jonson Jemgyýetçilik palatasynda geçirilen hepdelik Premýer ministre soraglar bölüminde çykyş etdi

1804539
Britaniýa Russiýa garşy girizen sanksiýalaryny aýyrmaz

Beýik Britaniýanyň Premýer ministri Boris Jonson, Ukraina garşy 24-nji fewralda söweş başladan Russiýa garşy girizilen sanksiýalaryň ylalaşyk gazanylsada ýatyrylmajakdygyny habar berdi. 

Beýik Britaniýanyň Premýer ministri Boris Jonson Jemgyýetçilik palatasynda geçirilen hepdelik Premýer ministre soraglar bölüminde çykyş etdi. 

Hökümediň başyndaky Konserwatiw partiýanyň deputaty Jonni Merseriň, Ukraina has köp harby kömegiň berilmegi baradaky çagyryşyna, Beýik Britaniýanyň Premýer ministri Boris Jonson, Merseriň aýdanlarynyň dogrudygyny, harby we goranmak taýdan berilýän goldawlaryň 2 esse köpeldilmelidigini beýan etdi. 

Jonson: "Mundan başgada dünýädäki ähli dostlarymyz we hyzmatdaşlarymyz tarapyndan sanksiýalar boýunça yza ädim etmezligini üpjün ederis. Aslyna garanyňda Wladimir Putine garşy ykdysady basyşy artdyrmagymyz gerek we ylalaşyk gazanylandygyna garamazdan hiç bir sanksiýa aýrylmaz. Meniň pikirimçe bu hiç bir ýagdaýda bolmaz" diýip belledi. 

Boris Jonson rus şahsyýetlerine we edaradyr-guramalaryna garşy girizilen sanksiýalarda yza gaýdyşyň bolmaly däldigini beýan etdi. 



Degişli Habarlar