ABŞ Russiýa Sanksiýalary we Ukraina Harby Kömegini Dowam Etdirer

Jo Baýden rus we ukrain wekiliýetleriniň gepleşikleri we moskwanyň mundan soňky başlangyçlary bilen gyzyklanmaga dowam etjekdiklerini aýtdy.

1804204
ABŞ Russiýa Sanksiýalary we Ukraina Harby Kömegini Dowam Etdirer

ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden Singapuryň Premýer-ministri Lee Hsien Loong bilen Ak Tamda geçiren duşuşygyndan soň metbugat ýygnagyny gurady.

Ýygnakdan žurnalistlerden biriniň “Russiýanyň Kiýewde we Ukrainanyň demirgazygyndaky başga şäherlerde goşunlaryny azaltjakdgy hakyndaky beýannamasy boýunça näme pikir edýäňiz? Söweşiň gutarma ähtimallygyny görýäňizmi? Ýogsam Russiýanyň täze harby operasiýalary üçin wagt utmaga  synanşýarmy?” diýlen soragyna jogap beren Baýden; “Russiýanyň näme edýänini görýänçäm bir zat atdyp bilmerin. Aýdanlaryny edip etmejekdiklerini göreliň. Şu gün Türkiýede gepleşikler geçirildi. Men hem NATO-daky ýaranlarymyz Fransiýanyň, Germaniýanyň we Britaniýanyň liderleri bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdim. Ruslaryň teklipleriniň görülmegi boýunça ylaladyk” diýdi.

Jo Baýden Russiýanyň alyp barýan işleri bilen gyzyklanmagyň ýany bilen bir tarapdan-da şol ýurda sanksiýalary we Ukraina goranyş kömegini dowam etdirjekdiklerini nygtady.

Ak Tam ABŞ-nyň Prezidentinin Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron, Germaniýanyň Federal Kansleri Olaf Şolz, Italiýanyň Premýer-ministri Mario Dragi we Britaniýanyň Premýer-ministri Boris Jonson bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirendigini habar berdi.



Degişli Habarlar