Russiýa: "Ukrainada kesgitlenilen maksatlara ýetilýänçä söweşi dowam etdireris" diýdi

Russiýanyň Goranmak ministri Sergeý Şoýgu, Russiýanyň Ukrainada kesgitlenilen maksatlara ýetilýänçä çenli harby operasiýasyny dowam etdirjekdigini beýan etdi

1803774
Russiýa: "Ukrainada kesgitlenilen maksatlara ýetilýänçä söweşi dowam etdireris" diýdi

Russiýanyň Goranmak ministri Sergeý Şoýgu, Goranmak ministrliginde ýokary derejeli serkerdeler bilen geçiren maslahatynda Ukrainada dowam edýän söweş bilen bagly maglumat berdi. 

Ukrainada Russiýanyň goşunynyň harby operasiýasynyň umuman alanyňda 1-nji etabynyň tamamlanandygyny aýdan Şoýgu, Ukrainanyň Ýaragly güýçleriniň güýjüniň umuman alanyňda azalandygyny beýan etdi. 

Şoýgu: "Bu ýagdaý esasy maksat bolan Donbassyň azat edilmegine ünsleri jemlemegimize mümkinçilik döredip biler" diýip habar berdi. 

Russiýanyň goşunynyň Ukrainada howada üstünlik gazanandygyny aýdan Şoýgu, Ukrainanyň Harby-howa güýçleriniň we howa goranyş ulgamlarynyň ýok edilendigini beýan etdi. 

Sergeý Şoýgu, Ukraina degişli 152 uçaryň 123-siniň, 149 dikuçaryň 77-siniň, 180 howa goranyş raketa ulgamlarynyň 152-siniň şu günki güne çenli ýok edilendigini mälim etdi. 

Şoýgu Ukrainanyň Harby-deňiz güýçleriniň dolulygyna ýok edilendigini, gury ýer we howa güýçleriniň ähli birikmelerinde uly mukdarda ýitgi çekdirilendigini beýan etdi. 

Russiýanyň goşunynyň Ukrainada kesgitlenilen maksatlara ýetilýänçä çenli harby operasiýasynyň dowam etjekdigini aýdan Şoýgu, rus esgerleriň işjeň ýagdaýda Luganskyň we Donetskiň halkyna kömek edýändigini belledi. 

Russiýanyň NATO agza ýurtlaryň liderleriniň, Ukraina uçarlaryň we howa goranyş ulgamlaryň üpjünçiligi bilen bagly beýanatlaryna üns bilen gözegçilik edýändiklerini aýdan Şoýgu: "Şol meýilnamalar durmuşa geçirilse oňa laýyk ýagdaýda jogap beriler" diýip aýtdy. 



Degişli Habarlar