Makron: "Putin üçin gassap sözüni ulanmaryn" diýdi

Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron, ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden ýaly Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putin üçin gassap sözüni ulanmajakdygyny beýan etdi

1802882
Makron: "Putin üçin gassap sözüni ulanmaryn" diýdi

Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron France 3 telewideniýe kanalyna beren beýnatynda, Russiýanyň 24-nji fewralda Ukraina garşy başladan söweşini duruzmak isleýändiklerini habar berdi. 

Onuň amala aşyrylan mahaly beýanatlaryň we aksiýalaryň üsti bilen dartgynlygyň artdyrylmazlygynyň gerekdigini aýdan Makron, Putin bilen gepleşikler geçirmäge dowam edýändigini, onuň üçin gassap sözüni ulanmajakdygyny mälim etdi.

Makron: "Biz ýewropalylar hökmünde geografiýamyzy we taryhymyzy ýatdan çykarmaly däldiris. Rus halkyna garşy söweşmeýäris" diýdi. 

Ýewroparyň Moskwa bilen Waşingtonyň arasyndaky sowuk söweşe gatnaşmaýandygyny aýdan Emmanuel Makron, Ukrainanyň Mariupol şäherinde ynsanperwer operasiýanyň geçirilmegi üçin Putin bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirjekdigini mälim etdi. 

Polşanyň paýtagty Warşawa şäherinde ýerleşýän ukrainaly bosgunlaryň galýan çadyr düşelgä baryp gören Baýden, ol ýerde Putin barada "Ol bir gassapdyr" diýip beýanat beripdi. 



Degişli Habarlar