Britaniýa Lawrowuň Öweý Gyzy Bilen 65 Rus Işewürine we Firmasyna Sanksiýa Goýdy

Bu barasynda Britaniýanyň Daşary işler ministrliginiň beýannamasynda aýdylýar

1801373
Britaniýa Lawrowuň Öweý Gyzy Bilen 65 Rus Işewürine we Firmasyna Sanksiýa Goýdy

Britaniýanyň Daşary işler ministrligi Russiýanyň demir ýollaryna we hususy harby firmasy Wagner toparynyň Russiýanyň 24-nji fewralda Ukraina başladan hüjümine goldaw berýändigi üçin sanksiýa degişli edilendigini mälim edip, uçarmansyz howa ulagyny öndürýän “Kronştat” firmasynyň hem sanksiýa sanawyna goşulandygy habar berildi.

Esaslandyryjy şärikleri ozal sanksiýa goýulmadyk Mihail Fridman, Petr Awen we Germen Han bolan Alfa bank bilen dünýäniň iň uly almaz öndürijisi we bazar gymmaty 4,69 milliard funk sterline barabar bolan “Alrosa” hem sanksiýa sanawyna girizildi.

Paýtagt Londonda 4 million funkt sterlinlik emlägi bolan Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrowuň öweý gyzy Polina Kowalýewa we Russiýa tarapyndan Ukrainada Melitopolyň häkimligine bellenen Galina Danilçenko hem sanksiýa sezewar edildi.



Degişli Habarlar