NATO-nyň Liderler maslahaty öz işine başlady

NATO agza ýurtlaryň döwlet we hökümet baştutanlarynyň gatnaşmagyndaky NATO sammiti Belgiýanyň paýtagty Brýusseldäki NATO ştabynda öz işine başlady.

1801327
NATO-nyň Liderler maslahaty öz işine başlady

Türkiýä Prezident Rejep Taýýip Erdoganyň wekilçilik edýän maslahata 30 hyzmatdaş ýurdyň liderleri gatnaşýar. 

Maslahatdan ozal surata düşen liderleriň güntertibinde Russiýanyň Ukraina hüjüm guramagyndan soň başdan geçirilen hadysalar bar. 

NATO-nyň nobatdan daşary Liderler maslahatynyň açylyşynda çykyş eden NATO-nyň Baş sekretary Ýens Stoltenberg, şu günki maslahatda hyzmatdaşlaryň Ukraina goldaw berilmegini maslahatlaşjakdyklaryny we NATO-nyň häzirki wagtda we öňümizdäki ýyllarda goranyşyny güýçlendirmek tagallalarynyň üstünde durulyp geçiljekdigini mälim etdi. 

Stoltenberg: "Häzirki wagtda gury ýerde, deňizde we howada köp zat edýäris. Bu Ýewropadaky täze howpsuzlyk hakykatyna jogap bermek taýdan möhümdir" diýip habar berdi. 

NATO-nyň Gündogar Ýewropada uzak möhletleýin galmagynyň üstünde duruljak maslahatyň çäginde ýurtlaryň döwlet we hökümet baştutanlary düýn agşam Brýusselde ikiçäk duşuşyklar geçirmäge başlapdy. Maslahatyň ahyrynda käbir liderleriň NATO ştabynda ikiçäk duşuşyklaryny dowam etdirmekleri göz öňünde tutulýar. 

Maslahatdan ozal fransuz kärdeşi Emmanuel Makron bilen duşuşyk geçiren Prezident Rejep Taýýip Erdoganyň liderler bilen ikiçäk duşuşyklaryny dowam etdirmegine garaşylýar. 

Russiýanyň goşuny 24-nji fewralda Ukraina garşy harby hüjüm başladypdy. 



Degişli Habarlar