ABŞ Hytaýyň Russiýa Harby Goldaw Berýändikleri Hakynda Maglumatyň Ýokdugyny Beýan Etdi

ABŞ-nyň Milli howpsuzlyk boýunça geňeşçisi Jeýk Salliwan Hytaýyň Ukrainadaky söweş boýunça Russiýa harby goldaw berýändigini görmändiklerini ýa-da ellerinde şeýle deliliň ýokdugyny aýtdy.

1801117
ABŞ Hytaýyň Russiýa Harby Goldaw Berýändikleri Hakynda Maglumatyň Ýokdugyny Beýan Etdi

ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýdeniň gatnaşjak howpsuzlyk sammitlerine ýoldaşlyk etmek üçinn Belgiýanyň paýtagty Brýussele gidişin metbugatyň wekillerine Ukraina meselesi boýunça beýannama beren Salliwan, Hytaý bilen bagly soňky ýagdaý hakynda analiz berdi.

Salliwan; “Hytaýdan Russiýa Ukrainada ulanmak üçin harby enjam berilendigini görmedik ýa-da ol hakda elimizde delil ýok, emma bu mesele bilen ýakyndan gyzyklanýarys” diýdi.

Resmi Pekiniň resmi Moskwa harby goldaw beren halatynda onuň netijeleri boýunça hytaýly resmilere açyk pozisiýalaryny beýan edendiklerini nygtran Jeýk Salliwan, bu meselede ýewropaly ýaranlary bilen pozisiýalarynyň birdigini nygtady.



Degişli Habarlar