Russiýa-Ukraina söweşinde taraplar biri-birleriniň ýitgileri barada maglumat berdiler

Ukrainanyň Goranmak ministrligi, ýurtdaky ýagdaý bilen bagly maglumat berdi

1799895
Russiýa-Ukraina söweşinde taraplar biri-birleriniň ýitgileri barada maglumat berdiler

Ukraina garşy hüjümlerini dowam etdirýän Russiýanyň harby güýçleriniň 15 müň 300 esgerini, 99 uçaryny, 123 dikuçaryny we 509 taňkyny ýitirendigi mälim edildi. 

Ukrainanyň Baş Ştaby, Russiýanyň goşunynyň 24-nji fewral-22-nji mart aralygyndaky ýitgileri barada maglumat berdi.

Şoňa laýyklykda Ukraina hüjüm eden Russiýanyň goşunyndan 15 müň 300 esger öldürildi, ruslara degişli 99 uçar, 123 dikuçar, 509 taňk, 1556 sowutly ulag, 252 top, 80 raketa ulgamy we 45 howa goranyş ulgamy ýok edildi.

Russiýanyň harby güýçleri 1000 ulagyny, 3 gaýygyny, 70 ýangyç tankerini we 35 uçarmansyz howa ulagyny ýitirdi. 

Ukraina 24-nji fewralda ýurduna garşy hüjüme başlan Russiýanyň harby güýçleriniň 3 güne ýetjek derejede ok-därisiniň we azygynyň bardygyny habar berdi. 

Ukrainanyň Goranmak ministrligi, Ukrainanyň harby güýçleriniň, Russiýanyň harby birikmelerini Kiýew şäheriniň takmynan 60 km günbataryndaky şäherçeden çykarandygyny mälim etdi. 

Beýanatda: "Russiýanyň harby güýçleriniň tankerlerinde 3 günlük ýangyç bar. Harbylary üýşürmek üçin eden tagallalary puja çykdy. Soňky 24 sagatda Ukrainanyň Harby-howa güýçleri 1 uçar, 6 sany uçarmansyz howa ulagy we 2 sany dikuçar bolmak bilen jemi 9 nyşany ýok etdi. Ukrainanyň merkezindäki Sumy welaýatyndaky kiçi bir şäher bolan Ahtyrka şäherinde 300 rus esger Ukraina garşy duşmançylyk alyp barmagy ret etdi we operasiýa meýdançasyny terk etdi. Ukrainanyň harby güýçleri 13 hüjümi yzyna serpikdirdi we 14 taňk, 8 pyýada harby ulagy, iki köp maksatly tirkeg çekiji ulagy, 3 top ulgamy we 4 sany ulagy hatardan çykardy" diýip habar berildi. 

Ukrainanyň Wise-premýeri Irina Wereşýuk wideo ýüzlenme bilen beren beýanatynda, 21-nji martda asuda ilatyň ewakuasiýasy üçin tassyklanan 8 ynsanperwer koridoryň 7-siniň işländigini aýan etdi. 

Soňky 24 sagatda tapawutly kynçylyklara garamazdan 8 müň 57 adamyň howpsuz ýerlere ewakuasiýa edilendigini aýdan Wereşýuk: "Mariupoldan 3 müň 7 adam Zaparožýa şäherine çykaryldy. Kiýew welaýatyndaky obalardan 4 müň 370 adam ewakuasiýa edildi" diýip beýan etdi.

Beýleki tarapdan Russiýanyň Goranmak ministrliginiň metbugat geňeşçisi Igor Konaşenkow, paýtagt Moskwa şäherinde beren beýanatynda, Ukrainada soňky 24 sagatda 137 harby desganyň ýok edilendigini mälim etdi.

Igor Konaşenkow: "Ukrainanyň goşunyna degişli şu günki güne çenli 230 uçarmansyz howa ulagy, 181 köp nilli raketa ulgamy, 1528 taňk we tapawutly sowutly ulaglar, 154 zenit raketa ulgamy, 602 gaubisa we minomýot we 1312 ýörite harby ulag ýok edildi" diýip habar berdi. 


Etiketkalar: #ýitgi , #söweş , #Ukraina , #Russiýa

Degişli Habarlar