Sergeý Lawrow, Azerbaýjanly we Ermenistanly Kärdeşleri Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

Russiýanyň Azerbaýjan bilen Ermenistanyň arasynda arasynda parahatçylyk şertnamasynyň baglaşylmagyna goldaw bermäge taýardygy ýatladyldy.

1799234
Sergeý Lawrow, Azerbaýjanly we Ermenistanly Kärdeşleri Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow, Azerbaýjanyň we Ermenistanyň Daşary işler ministri Jeýhun Baýramow we Ararat Mirzoýan bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Russiýanyň Daşary işler ministrliginden berlen ýazmaça beýannama görä, Sergeý Lawrow, Azerbaýjanly we Ermenistanly kärdeşleri bilen geçiren telefon söhbetdeşliginde, Azerbaýjanyň we Ermenistanyň arasynda 2020-njy ýylyň 9-njy noýabrynda, 2021-nji ýylyň 11-nji ýanwarynda we 26-njy noýabrynda gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilşi hakynda pikir alyşdy.

Telefon söhbetdeşliginde Azerbaýjan bilen Ermenistanyň arasynda parahatçylyk şertnamasynyň baglaşylmagy meselesi hem ara alnyp maslahatlaşyldy.

Russiýanyň iki ýurduň arasynda parahatçylyk şertnamasynyň baglaşylmagyna goldaw bermäge taýardygy ýatladyldy.

 



Degişli Habarlar