Putin 24-nji Fewraldan Bäri Ilkinji Gezek Halk Bilen Duşuşdy

Prezident Putin dabaranyň çäginde sahna çykyp halka ýüzlenip çykyş etdi.

1798211
Putin 24-nji Fewraldan Bäri Ilkinji Gezek Halk Bilen Duşuşdy

Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putin, 24-nji fewralda Ukraina bilen söweşiň başlamagyndan soň ilkinji gezek halk bilen duşuşdy.

Krymyň anneksiýasynyň 8-njy ýylynda paýtagt Moskwada Lužniki stadionynda dabara geçirildi.

Dabara sungat ussatlarynyň konserdi bilen başlady.

Prezident Putin dabaranyň çäginde sahna çykyp halka ýüzlenip çykyş etdi.

Prezident Putin çykyşynda, Ukrainanyň Donbas sebitinde ýaşaýanlara garşy hüjüm guralýandygyny öňe sürüp “Donbasda we Ukrainada başladan harby operasyýamyz şol ynsanlary gyrgynçylykdan halas edilmegini maksat edinýär” diýdi.



Degişli Habarlar