“Ukrainada Her Gün Azyndan 5 Çaga Bombaly Hüjümler Sebäpli Ýogalýar”

Fewral aýynyň 24-i bilen mart aýynyň 15-i aralygynda rus goşuny tarapyndan guralan hüjümlerde 97 çagan ýogaldy

1796163
“Ukrainada Her Gün Azyndan 5 Çaga Bombaly Hüjümler Sebäpli Ýogalýar”
ukrayna.jpeg
Ukrayna Irpin.jpg
Ukrayna
almanya ukrayna.jpg

Ukraina, Russiýa-Ukraina söweşinde fewral aýynyň 24-i bilen mart aýynyň 15-i aralygynda rus goşuny tarapyndan guralan hüjümlerde 97 çaganyň ýogalandygyny habar berdi.

Russiýanyň ýaragly güýçleri tarapyndan Ukraina garşy guralýan hüjümlerde 100-den gowrak çaganyň hem ýaralanandygy nygtaldy.

Mesele hakynda berlen beýannamada “Her gün azyndan 5 çaga bombaly hüjümlerde ýogalýar” diýildi.

Ukrainanyň Içeri işler ministriniň kömekçisi Anton Geraşenko bolsa rus harby gämileriniň ýerli wagty bilen 03.00 töweregi Odessanyň kenarlaryna hüjüm gurandygyny mälim etdi.

Geraşenko, Twitterden beren habarnamasynda “Rus basyp alyjylar, gämilerden Tuzla obasynyň golaýynda Odessa raketa hüjümini başlatdy” diýdi.



Degişli Habarlar