“Erdogan Bilen Özara Gatnaşyklaryň Kadalaşmagy Üçin Oňyn Başlangyç Etdik”

Miçotakis, Prezident Erdogan bilen duşuşygynyň açyk we içgin ýagdaýda geçendigini ýatlatdy.

1794761
“Erdogan Bilen Özara Gatnaşyklaryň Kadalaşmagy Üçin Oňyn Başlangyç Etdik”

Gresiýanyň Premýer-ministri Kirýakos Miçotakis, Prezident R. T. Erdogan bilen Stambulda bolan duşuşygynda özara gatnaşyklaryň kadalaşmagy üçin oňyn başlangyç edilendigini aýtdy.

Gresiýa tarapyndan berlen beýannama görä, duşuşygyň oňyn atmosferada geçendigini nygtan Miçotakis “Bütin adamzat hökmünde we NATO agza iki ýurt hökmünde şeýle ynjyk döwürde käbir kynçylyklary başdan geçirýäris. Biz, bizi biri-birimizden aýyrýan kynçylyklara däl, eýsem bizi birleşdirýän meselelere üns berilmeginiň has möhümdigi dogrusynda ylalaşyk gazandyk” diýdi.

Ykdysadyýetiň başda durmagynda birnäçe meseläni ara alyp maslahatlaşandyklaryny aýdan Miçotakis “Öňümizdäki aýlarda öňegişlik edilmegini umyt edýärin. Gatnaşyklar kadaly ýagdaýda dowam eden halatynda güýz aýlarynda Ýokary derejeli hyzmatdaşlyk geňeşiniň maslahatyny Gresiýada geçirip bileris” diýdi.

Türkiýe bilen Gresiýanyň arasynda käbir ugurlarda garaýyş tapawutlylygynyň bardygyna ünsi çeken Miçotakis, Prezident Erdogan bilen duşuşygynyň açyk we içgin ýagdaýda geçendigini ýatlatdy.

Ukrainada başdan geçirilýän soňky wakalar hakynda hem durup geçen Miçotakis “Özara gatnaşyklarymyzyň kadalaşmagy we esasan şu günki günde başdan geçirilýän kynçylylaryň ortadan aýrylmagy üçin ýakyndan hyzmatdaşlyk edilmegi babatynda oňyn başlangyç edendigimize ynanýaryn. Ukrainada asuda ilatyň ýitgi çekýändigini görýäris. Biz bu meseleler bilen gyzyklanmaly” diýip belledi.



Degişli Habarlar