Çernobyl atom bekedi ýaňadandan elektrik tok bilen üpjün edilmäge başlandy

Russiýanyň goşuny 24-nji fewralda Ukraina garşy harby hüjüm başladypdy

1794849
Çernobyl atom bekedi ýaňadandan elektrik tok bilen üpjün edilmäge başlandy

Ukrainanyň Energetika ministrligi, Çernobyl atom bekedinde geçirilen abatlaýyş işleriniň tamamlanandygyny we bekediň elektrik tok bilen ýaňadandan üpjün edilmäge başlanandygyny mälim etdi. 

Ukrainanyň Energetika ministrliginden berilen ýazmaça beýanatda, 9-njy martda Russiýanyň goşunynyň hüjümleriniň netijesinde elektrik togy kesilen Çernobyl atom bekedinde Ukrainanyň Milli energetika kärhanasy Ukrenergo tarapyndan geçirilen abatlaýyş işleriniň tamamamlanandygy habar berildi. 

Çernobyl atom bekediniň ýaňadandan elektrik tok bilen üpjün edilmäge başlanandygy bellenen beýanatda: "Ukrainanyň energetika ulgamy 18 gün bäri rus basyp alyjylarynyň odunyň astynda durnukly ýagdaýda işleýär" diýip aýan edildi. 

Russiýanyň goşuny 24-nji fewralda Ukraina garşy harby hüjüm başladypdy. 



Degişli Habarlar