Fransiýa: "Söweş Ýewropanyň bosagasynda" diýdi

Fransiýanyň Goranmak ministri Florans Parli, Ukraina bilen Russiýanyň arasyndaky söweşiň Ýewropanyň serhetleriniň çägine girmegine rugsat berilmezligi barada çagyryş berdi

1791113
Fransiýa: "Söweş Ýewropanyň bosagasynda" diýdi

Fransiýanyň Goranmak ministri Florans Parli, Rumyniýadaky NATO degişli harby birikmä we fransuz esgerleriň galýan baza baryp gördi. 

Florans Parli, ol ýerde eden çykyşynda, NATO-nyň Reaksiýa güýjüniň bir bölegi hökmünde bazada 500 fransuz esgeriň bardygyny ýatladyp: "Bu näbelli bir wagtda materigimiziň howpsuzlygyny üpjün etmek üçin şol bir tutanýerliligini paýlaşýarys. Köpçülikleýin goranyş tagallalarymyz bilen Russiýa egsilmez jebisligimizi görkezýäris" diýip belledi. 

Ýurdunyň şol tagallalara Rumyniýa esger, Estoniýa harby güýç we Rumyniýa, Polşa we Baltika ýurtlaryna uçar ugradyp goşant goşandygyny aýdan Florans Parli, NATO hyzmatdaşy we ýewropalylar hökmünde medeniýet we taryh bilen doly köne materige agza bolmagyň buýsanjyny başlaryndan geçirýändiklerini beýan etdi. 

Florans Parli materigiň soňky asyrda zorluga şaýat bolandygyny belläp: "Söweş Ýewropanyň bosagasynda içine girmegine rugsat bermäliň" diýip nygtady. 

Fransiýa we Belgiýa Russiýanyň goşunynyň Ukraina garşy 24-nji fewralda başladan hüjümlerinden bäri Konstantadaky NATO-nyň bazasyna gyssagly ýagdaýda 800 esger ugradypdy. 



Degişli Habarlar