Russiýa, Ukrainada Harby Desgalary Nyşana Almaga Dowam Edýär

Russiýa Ukrainada 2 müň 37 harby desganyň hatardan çykarlandygyny habar berdi.

1790258
Russiýa, Ukrainada Harby Desgalary Nyşana Almaga Dowam Edýär

Russiýanyň Goranmak ministrliginiň metbugat geňeşçisi Igor Konaşenkow, Ukrainada 2 müň 37 harby desganyň hatardan çykarlandygyny habar berdi.

Konaşenkow, rus goşunynyň Žitomirde harby enjamlaryň saklanýan ammaryny nyşana alandygyny habar berdi.

Rus goşunynyň Ukrainanyň Mariupol şäherini gabaw astyna alandygyny ýatladan Konaşenkow, Pribraženka, Komsomolskoýe, Zagornoe, Dorožniýanka, Konstantikowka, Şewçenko, Çuberewka we Lyumbiowa etrapçalaryny ele geçirendigini gürrüň berdi.

Ukrainanyň harby desgalaryna garşy guralýan hüjümleriň dowam edýändigini aýdan Konaşenkow “Hüjümleriň başyndan bäri jemi 2 müň 37 desga hatardan çykaryldy. Şolaryň arasynda Ukrainanyň harby goşunynyň 71 sany aragatnaşyk merkezi, 98 howa goranyş ulgamy S-300, Buk M-1, Osa we 61 sany radar bekedi bar” diýdi.

Konaşenkow, Ukrainanyň goşunyna degişli 66 uçaryň, 708 tankyň we sowutly ulagyň, 74 raketanyň we 56 uçarmansyz howa ulagynyň hatardan çykarlandygyny belledi.



Degişli Habarlar