“Ukrainada 1612 Harby Desgany Hatardan Çykardyk”

Konaşenkow, 62 uçaryň, 606 tankyň we sowutly ulagyň, 67 raketanyň, 405 ulagyň we 53 uçarmansyz howa ulagynyň hatardan çykarlandygyny belledi.

1789128
“Ukrainada 1612 Harby Desgany Hatardan Çykardyk”

Russiýanyň Goranmak ministrligi, Ukrainada jemi 1612 harby desganyň hatardan çykarlandygyny habar berdi.

Ministrligiň metbugat geňeşçisi İgor Konaşenkow, paýtagt Moskwada beren beýannamasynda Russiýa bilen Ukrainanyň arasyndaky söweş hakynda maglumat berdi.

Rus goşunlarynyň Ukrainada öňe barýandygyny aýdan Konaşenkow, Mariupol şäheriniň gabaw astyna alynandygyny aýtdy.

Konaşenkow “Rus güýçleri, Balakliýa şäheri bilen birlikde Winogradnaýa, Sartaka, Wodýanoe, Çistopolýe we Nowopoltawka etraplarynyň gözegçiligini ele geçirdi” diýdi.

Ukainanyň harby desgalaryna uly zeper ýetirmäge dowam edýändiklerini nygtan Konaşenkow, paýtagt Kiýewiň Lisa Hora etrapçasynda radio-telewideniýe merkezini bombalandyklaryny ýatlatdy.

Igor Konaşenkow “Harby hüjümleriň başlan gününden bäri jemi 1612 harby desga hatardan çykaryldy. Şolaryň arasynda Ukrainanyň ýaragly güýçlerine degişli 62 merkez, 39-S-300 howa goranyş ulgamy, Buk M-1 we Osa 52 radar bekedi hem bar” diýdi.

Konaşenkow, Ukrainanyň harby goşunyna degişli 62 uçaryň, 606 tankyň we sowutly ulagyň, 67 raketanyň, 405 ulagyň we 53 uçarmansyz howa ulagynyň hatardan çykarlandygyny belledi.

Russiýa 24-nji fewralda Ukraina garşy harby hüjüm başladypdy.

 

 

 



Degişli Habarlar