Gollandiýa we Ispaniýa Ukraina harby taýdan goldaw bererler

Gollandiýanyň hökümedi Ukraina harby enjam taýdan goldaw bermäge dowam eder

1788665
Gollandiýa we Ispaniýa Ukraina harby taýdan goldaw bererler

Gollandiýanyň Premýer ministri Mark Rutte sosial media hasabyndan beren beýanatynda, Ukrainanyň Döwlet baştutany Wladimir Zelenskiý bilen geçiren telefon söhbetdeşligi barada beýannama berdi. 

Mark Rutte: "Has hem köp ukrainaly asuda ilat we asuda ilatly ýerler nyşana alynýar. Harby jenaýatlar barada mümkin boldugy saýyn has köp subutnamalaryň üýşürilmegi möhüm. Gollandiýa Ukrainany harby enjamlar bilen goldamaga dowam eder" diýip habar berdi. 

Beýleki tarapdan Ispaniýanyň Premýer ministri Pedro Sançes hem ýurdunyň Ukraina harby enjam ugratjakdygyny belläp: "Ukraina esger ugratmarys, NATO-nyň hem esger ugratmagy göz öňünde tutulmaýar" diýip mälim etdi. 



Degişli Habarlar