Ukraina ÝB-ne Agzalyk Üçün Ýüz Tutar

Zelenskiý, Telegramdan beren habarnamasynda “ÝB-ne agzalyk üçün ýüz tutulmagy hakyndaky arza gol goýdum”diýdi

1787396
Ukraina ÝB-ne Agzalyk Üçün Ýüz Tutar

Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiý, ýurdunyň ÝB-ne agzalyk üçün ýüz tutulmagy hakyndaky arza gol goýdy.

Zelenskiý, Telegramdan beren habarnamasynda “ÝB-ne agzalyk üçün ýüz tutulmagy hakyndaky arza gol goýdum”diýdi.

Russiýanyň Ukraina garşy guraýan hüjümini dowam etdirýändigini nygtan Zelenskiý “Russiýanyň Ukraina garşy guraýan hüjümlerinde 4 günde 16 çaga ýogaldy, 45 çaga bolsa ýaralandy” diýdi.

Günbatarly hyzmatdaşlarynyň Ukraina goldaw bermäge dowam edýändigine ünsi çeken Zelenskiý, Russiýanyň hüjümler sebäpli ýitgi çekýändigini ýatlatdy.

Ukrainanyň lideri, “4 müň 500 rus esgeri ýogaldy. Harby enjamlaryňyzy taşlan we gidiň. Serkerdäňize gulak asmaň, halas boluň” diýdi.

 



Degişli Habarlar