Russiýa Ukrainanyň Harkow şäherindäki welaýat häkimliginiň binasyna raketaly hüjüm gurady

Hüjümde asuda ilatdan 1-i çaga jemi 6 adamyň ýaralanandygy bellenen beýanatda, adam ýitgileri bilen bagly bolsa anyk maglumat berilmedi

1787829
Russiýa Ukrainanyň Harkow şäherindäki welaýat häkimliginiň binasyna raketaly hüjüm gurady

Ukrainanyň Adatdan daşary ýagdaýlar agentliginden berilen beýanatda, Russiýanyň goşunynyň şu gün irden guran raketaly hüjüminde Harkow şäherinde ýerleşýän welaýat häkimlik binasyna, binanyň golaýynda ýerleşýän Azatlyk meýdançasyna, golaýdaky beýleki binalara uly derejede zyýan ýetdi. 

Hüjümde asuda ilatdan 1-i çaga jemi 6 adamyň ýaralanandygy bellenen beýanatda, adam ýitgileri bilen bagly bolsa anyk maglumat berilmedi. 

Harkow welaýatynyň häkimi Oleh Synyehubow bolsa şäheriň gije gündiz raketa hüjümlerine sezewar galýandygyny aýan etdi. 

Oleh Synyehubow soňky 24 sagatda partlama sebäpli emele gelen 24 ýangynyň söndürilendigi beýan edildi. 

Köçelerdäki duran köp sanda ulagyň ýanandygyny aýdan Oleh Synyehubow, asuda ilatyň arasynda ýogalan we ýaralanan adamlaryň bardygyny aýan etdi. 

Sumi welaýatynyň häkimi Dmytro Zhywytskyi, Telegram hasabyndan beren beýanatynda, Ahtyrka şäherindäki harby birikmäniň Russiýanyň goşuny tarapyndan nyşana alynyp, hüjüm guralandygyny, hüjümde takmynan 70 ukrain esgeriň ýogalandygyny mälim etdi. 

Dmytro Zhywytskyi, hünärmenleriň we meýletinleriň harby birikmede gözleg we halas ediş işlerini geçirýändigini habar berdi. 

Şäherde rus esgerlerine degişli hem köp sanda jesediň bardygyny aýdan Dmytro Zhywytskyi, şol jesetleri ýygnandyklaryny we Halkara Gyzyl Ýarymaý jemgyýetine berendiklerini aýan etdi. 

Beýleki tarapdan bolsa Russiýanyň Ukraina garşy hüjümleri dowam etmek bilen birlikde, Russiýanyň harby güýçleriniň ýurdyň paýtagty Kiýew şäherinde logistika ammaryny nyşana alyp, hüjüm guramagy netijesinde ilkinji kesgitlemere görä 28 adam ýogaldy. 

Russiýanyň Ukraina garşy başladan hüjümleri eýýäm 5 gün bäri dowam edýär. 

Russiýanyň harby güýçleri Kiýewdäki logistika ammaryna ballistik raketalar bilen hüjüm gurady. 

Adaty zerur bolan zatlaryň goralyp saklanýan we hüjümlerden soň haraba öwrülen ammarda bolan ilkinji partlamada 6 adamyň, jemi bolsa 28 adamyň ýogalandygy mälim edildi. 

Ukrainanyň Döwlet  baştutany Wladimir Zelenskiý, Russiýanyň harby güýçleriniň dowamly häsýetde logistika ýerlerine hüjüm guraýandygyny we uly göwrümli zyýan ýetirýändigini beýan edipdi. 

Beýleki tarapdan Ukrainanyň Waşington şäherindäki Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Oksana Markarowa, Russiýanyň Ukraina garşy hüjümlerinde Ženewa ylalaşygyna laýyklykda ulanylmagy gadagan bolan wakuum bombasynyň ulanylandygyny habar berdi. 

Ak Tamyň metbugat geňeşçisi Jennifer Psaki gündelik metbugat ýygnagynda beren beýanatynda: "Şol habarlary gördük, emma entek ýöne tassyklap bilmedik. Eger dogry bolsa, onda ol harby jenaýat bolar" diýip belledi. 

Wakkum bombasy ýadro bolmaýan, emma öldürmek güýji iň ýokary bolan bomba hökmünde hasaplanýar. 

Russiýanyň goşunynyň Ukrainanyň paýtagty Kiýewe tarap barýan harby ulag kerweniniň emeli hemra materiallary hem gelip gowuşmaga dowam edýär. 

Ozal Russiýanyň harby ulag kerweniniň uzynlygynyň 27 kilometrdigini aýdan merkezi ABŞ-da ýerleşýän "Maxar Technologies" kärhanasy, Kiýewiň golaýyna baryp ýeten Russiýanyň ulag kerweniniň uzynlygynyň 64 kilometrdigini mälim etdi. 

Ukraina bilen Russiýanyň arasyndaky söweş eýýäm 6 gün bäri dowam edýär. Entek şäherleriň biriniň merkezini hem basyp alyp bilmedik we Kiýewi basyp almaga synanyşýan Russiýanyň harby birikmelerine garşy, Ukrainanyň goşunynyň berk garşylyk görkezýändigi aýan edilýär.

Russiýanyň esgerleri 24-nji fewralda Ukraina garşy harby hüjüm başladypdy.


Etiketkalar: #hüjüm , #Russiýa , #Ukraina

Degişli Habarlar