Rus Güýçleri Ýitgi Çekmäge Dowam Edýär

Rus güýçlerinden 5 müň 710 esgeriň ýogalandygy nygtaldy

1787658
Rus Güýçleri Ýitgi Çekmäge Dowam Edýär

Ukraina, ýurduna hüjüm eden rus güýçlerinden 5 müň 710 esgeriň ýogalandygyny habar berdi.

Ukrainanyň Baş ştabynyň başlyklygy, rus güýçleriniň soňky 5 günde çeken ýitgisi hakynda beýannama berdi.

Beýannama görä, Ukraina hüjüm eden rus goşunyndan 5 müň 710 esger ýogaldy, 200 esger ýesir alyndy.

Soňky 5 günde Ukrainanyň goşunynyň Russiýa degişli 29 uçary, 29 dikuçary, 198 tanky we 846 sowutly ulagy, 77 topy we 2 gämini hatardan çykarandygy nygtaldy.

Beýannamama şeýle hem Rus güýçlerinden 305 ulagyň, 60 ýangyç ulagynyň, 7 howa goranyş ulgamynyň we 3 uçarmansyz howa ulagynyň hatardan çykarlandygy bellenildi.

Russiýa 24-nji fewralda Ukraina garşy harby hüjüm başladypdy.

 



Degişli Habarlar