Ukrainanyň Prezidenti Russiýa bilen geçirilmegi meýilleşdirilýän gepleşikler barada beýanat berdi

Wladimir Zelenskiý, Russiýa bilen geçiriljek gepleşikleriň ýurduna garşy hüjüm edilýän ýerleriniň biri bolan Belarussiýanyň ýerine Stambul, Warşawa, Baku, Bratislawa ýa-da Budapeşt ýaly şäherleriň birinde geçirilmegini teklip etdi

1786364
Ukrainanyň Prezidenti Russiýa bilen geçirilmegi meýilleşdirilýän gepleşikler barada beýanat berdi

Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiý paýlaşan wideo ýüzlenmesinde Russiýa bilen geçirilmegi meýilleşdirilýän gepleşikler üçin şäherleriň kesgitlenmegi bilen bagly beýanat berdi. 

Gepleşikler üçin Minski özleriniň däl, eýsem Rusiýanyň saýlandygyny aýdan Zelenskiý, 4 gün ozal Belarussiýanyň territoriýasyndan Ukraina kruiz raketalarynyň atylandygyny, uçarlaryň, dikuçarlaryň we taňklaryň ukrainalylary öldürendigini we öýleri ýer bilen ýegsan etmäge başlandygyny ýatlatdy. 

Kiýewe 4 gün ozal 1941-nji ýylda bolşy ýaly ýerli wagt bilen 04:00-da hüjüm edilendigini aýdan Zelenskiý: "Siz ýatdyňyz, emma biz oýandyk. Biz indi ýatmaýarys, söweşýäris, ýurdumyz üçin söweşýäris" diýip habar berdi. 

Zelenskiý ýurduna Belarussiýanyň territoriýasyndan hüjüm edilmedik bolsady, onda gepleşikler üçin Minski kabul edip biljekdiklerini belläp, Belarussiýanyň bitarap bolan mahalynda ençeme gepleşikleriň şol ýerde geçirilendigine ünsleri çekdi. 

Zelenskiý: "Elbetde parahatçylyk isleýäris, gepleşikler geçirmek isleýäris, söweşiň tamamlanmagyny isleýäris. Russiýa bilen gepleşikler üçin ýurdumyza hüjümleriň guralýan ýeri bolan Belarussiýanyň ýerine Stambul, Warşawa, Baku, Bratislawa ýa-da Budapeşt ýaly şäherleriň birinde geçirilmegini teklip etdik. Gepleşikler üçin territoriýasyndan ýurdumyza bombalaryň atylmaýan islendik ýurdy kabul ederis. Diňe şol ýagdýada gepleşikler çynlakaý bolar we hakykatdan hem söweş tamamlanyp biler" diýip mälim etdi. 

Birnäçe wagt ozal bolsa Russiýanyň hökümediniň Metbugat geňeşçisi Dmitriý Peskow, Russiýanyň wekiliýetiniň ukrainalylar bilen gepleşikler geçirmäge başlamak üçin Belarussiýanyň Gomel şäherine barandygyny habar beripdi. 

Peskow Ukrainanyň wekilleri bilen Belarussiýada geçirilmegi ähtimal gepleşikler barada maglumat beripdi. 

Özleriniň gepleşikler geçirmäge başlamaga taýardygyny aýdan Peskow: "Gazanylan ylalaşyklara laýyklykda Daşary işler ministrligi, Goranmak ministrligi we beýleki käbir edaralaryň wekillerinden ybarat rus wekiliýeti, ukrainalylar bilen gepleşiklere başlamak üçin Belarussiýanyň Gomel şäherine bardylar. Gepleşiklere Gomel şäherinde başlamaga taýardyrys" diýip belledi. 

Dmitriý Peskow: "Indi ukrainalylara garaşýarys" diýip habar beripdi. 

Russiýa 24-nji fewralda Ukraina garşy harby operasiýa başladypdy. 



Degişli Habarlar