Jo Baýden Russiýa bilen bagly beýanat berdi

ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden, Russiýa garşy ellerindäki saýlamlarynyň ýa Üçünji Jahan urşuny başlatmak ýa-da bu ýurda halkara hukugyň düzgün bozmasynyň jogabyny berdirtmekdigini habar berdi

1786221
Jo Baýden Russiýa bilen bagly beýanat berdi

ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden, Braýan Taýler Koeniň Youtube kanalyna beren beýanatynda, Russiýanyň Ukraina garşy başladan hüjümleriniň 4-nji gününiň üstünde durup geçdi. 

Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putine garşy ilkinji gezek sanksiýa girizendiklerini aýdan Baýden: "Elimizde iki ýol bar, ýa Üçünji Jahan urşuny başladyp Russiýa bilen doly ýagdaýdaky bir söweşe girmek ýa-da bu ýurda halkara hukugyň düzgün bozmasynyň jogabyny berdirtmek" diýip habar berdi. 

Baýden hiç kimiň Russiýa garşy girizilen ykdysady we syýasy sanksiýalarynyň şol bada netije bermegine garaşmaýandygyny, şol sanksiýalaryň täsiriniň uzak möhletde görüljekdigini beýan etdi. 

ABŞ-nyň Prezidenti Russiýanyň maksadynyň NATO-ny bölmekdigini, emma onuň hötdesinden gelip bilmändigini mälim etdi. 



Degişli Habarlar