Russiýada Ukraina Guralýan Harby Hüjüme Garşy Protest Ýörişleri Geçirilýär

Russiýanyň Ukraina guraýan harby hüjümine we söweşe garşy şygarlar aýdyldy

1785846
Russiýada Ukraina Guralýan Harby Hüjüme Garşy Protest Ýörişleri Geçirilýär

Russiýanyň iň uly şäherlerinden biri bolan Sankt-Peterburgda, Ukraina guralýan harby hüjüme garşy geçirilýän protest ýörişleri dowam edýär.

Protest ýörişleriniň ikinji gününde onlarça adam saklandy.

Şäheriň Newskiý köçeginde bir ýere jemlenşen ýüzlerçe adam, Russiýanyň Ukraina guraýan harby hüjümine we söweşe garşy şygarlar aýtdy.

Protestçylaryň arasynda ýaşlar bilen birlikde ýaşulylaryň hem bolmagy ünsleri özüne çekdi.

Ýörişde Russiýanyň döwlet Ýolbaşöysy Wladimir Putine garşy şygarlar hem aýdyldy.

Wagtal-wagtal howpsyzlyk güýçleri bilen protestçylaryň arasynda dartgynly pursatlar başdan geçirildi we 60 adam saklandy.

 



Degişli Habarlar