Eýranyň Daşary işler ministri Russiýa-Ukraina krizisi barada beýanat berdi

Eýranyň Daşary işler ministri Hüseýin Emir Abdullahiýan, Russiýa bilen Ukrainanyň arasynda ylalaşygyň ýola goýulmagy we syýasy çözgüde gönükmegiň gerekdigini beýan etdi

1784954
Eýranyň Daşary işler ministri Russiýa-Ukraina krizisi barada beýanat berdi

Russiýa-Ukraina krizisi barada özüniň twitter hasabyndan beýanat beren Eýranyň Daşary işler ministri Hüseýin Emir Abdullahiýan: "Ukraina krizisi NATO-nyň öjükdiriji hereketlerinden gözbaş alýar. Biz söweşiň ileri tutulmagyny çözgüt hökmünde görmeýäris. Ylalaşygyň ýola goýulmagy, syýasy we demokratik çözgüde gönükmek mejburydyr" diýip habar berildi. 


Etiketkalar: #Ukraina , #Russiýa , #Eýran

Degişli Habarlar