Ukrainanyn döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Zelenskiý ýurtda harby düzgün yglan etdi

Zelenskiý halkyna “Mejbur bolmasaňyz öýleriňizden çykmaň” diýip, çagyryş berdi we ýurtda harby düzgüniň yglan edilendigini aýtdy

1784331
Ukrainanyn döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Zelenskiý ýurtda harby düzgün yglan etdi

Zelenskiý Russiýanyň Ukraina guraýan harby operasiýasy hakynda bolsa; “Eger-de janymyza, azatlygymyza, çagalarymyza hüjüm etseler, özümizi gorarys. Hüjüm etmeris, özümizi gorarys” diýdi.

Ukrainanyň lideri; “Russiýa infrastrukturamyz bilen serhet goragçylarymyza raketa hüjümini gurady. Ýurduň ençeme şäherinde partlamalar boldy” diýdi.

Ukrainanyň Parlamenti düýn gijeden başlap adatdan daşary dolanşyk düzgünine geçmek hakynda karar kabul edipdi.

Adatdan daşary ýagdaý dolanşygyna geçmek hakyndaky karara 450 parlamentaryň 335 sanysy ses beripdi.

Karara görä adatdan daşary ýagdaý dolanşygy 30 gün dowam eder, gerek bolan halatynda bolsa ýene-de 30 gün uzaldylar.

Beýleki tarapdan Ukrainanyň Döwlet ýolbaşçysy Wladimir Zelenskiý, dünýä liderlerine Russiýanyň Döwlet ýolbaşçysy Wladimir Putine garşy sanksiýa girizilmegi barada çagyryş berdi. 

Zelenskiý, sosial media hasabyndan paýlaşan wideosynda, ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden, Beýik Britaniýanyň Premýer ministri Boris Jonson we Ýewropa Bileleşigi Geňeşiniň başlygy Şarl Mişel bilen telefon arkaly söhbetdeş bolandygyny we anti-Putin şärikligini döretmäge başlandyklaryny habar berdi. 

Dünýä liderlerine Putine garşy ähli sanksiýalary girizmäge, ýurdyna harby taýdan goldaw bermäge we Ukrainanyň howa giňişligini Russiýa ýapmaga çagyrandygyny aýdan Zelenskiý: "Hemmämiz bilelikde Ukrainany halas etmäge mejburdyrys" diýip mälim etdi. 

Zelenskiý goşuna goldaw bermek üçin ähli zady edendiklerini belläp, halka howsala düşmezlikleri barada çagyryş berdi. 

Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putin Ukrainanyň gündogaryndaky Donbassa ýörite harby operasiýa başladandyklaryny beýan edipdi.



Degişli Habarlar