“Ukraina Söweş Däl Parahatçylyk Isleýär”

Halka ýüzlenip çykyş eden Zelenskiý, Russiýanyň Ukraina guraýan harby hüjümleri hakynda maglumat berdi.

1784869
“Ukraina Söweş Däl Parahatçylyk Isleýär”

Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiý, “Ukraina söweş däl parahatçylyk isleýär” diýdi

Halka ýüzlenip çykyş eden Zelenskiý, Russiýanyň Ukraina guraýan harby hüjümleri hakynda maglumat berdi.

Zelenskiý, şu gün eşidilen sesleriň diňe bombalaryň däl eýsem Russiýany medeni dünýäden aýyrýan demir perdäniň sesidini belledi.

Donbassda goşunlarynyň güýçlidigini, Harkowda bolsa kyn ýagdaýdadygyny aýdan Zelenskiý, iň agyr şertleriň bolsa günortada Herson şäherinde başdan geçirilýändigini nygtady.

Ýurduň demirgazynda “duşmanyn” ýuwaş-ýuwaşdan Çernihiw welaýatyna tarap gelýändigini aýdan Zelenskiý, “Gynansakda adam pidalary çekilýär. Hawa käbir rus esgerlerini ele geçirdik. Lukmanlarymyz boýun egenlere kömek berýär” diýdi.

“Ukraina söweş däl parahatçylyk isleýär” diýen Zelenskiý, dünýä ýurtlarynyň liderlerine şu günki günde özlerine goldaw berilmän halatynda söweşiň olaryň bosagasyna çenli geljekdigini ýatlatdy.



Degişli Habarlar