Ýemende Çaknyşyklar Sebäpli Müňlerçe Çaga Sancym we Saglyk Hyzmatlaryndan Mahrum

BMG-niň Çagalar gaznasy Ýemende çaknyşyklaryň saglyk ulgamyna uly zeper ýetirendigini habar berdi.

1783752
Ýemende Çaknyşyklar Sebäpli Müňlerçe Çaga Sancym we Saglyk Hyzmatlaryndan Mahrum

Ýurtda 7 ýyldan bäri söweşýän hökümet tarapyndan goldanýan güýçler bilen Eýran tarapyndan goldanýan husilerin arasyndaky çaknyşyklaryň möwç alýan ýeri bolan Hacca welaýatyndaky howpsuz zolaklara göçmäge mecbur bolan münlerçe maşgalanyň çagalary, saglyk hyzmatlaryndan, esasanda çaga ysmazy, difteriýa, gyzamyk, gepatit B ýaly gerek bolan sancymlardan mahrum edildi.

BMG-niň Çagalar gaznasy tarapyndan 2021-nci ýylyn 24-nci iýunynda çap edilen habarnamada sancymlar bilen goranylýan keseller sebäpli Ýemende her 10 minutda bir çaganyň ýogalýandygy beýan edilipdi.

Haccanyn Meýdi etrabynda uerleşýän Cada Saglyk merkeziniň beýan etmeginegörä näsaglyk sebäpli merkeze günde 300-den gowrak adam ýüz tutýar.

Cada Saglk merkezine ýüz tutýanlaryň esasy bölegini emele getirýän göwreli aýallara we çagalara immunitet ulgamy eciz we ýeterlik iýmitlenmezlik diagnozy goýulýar.

Ýemeniň Saglygy goraýyş ministri Kasym Buhaýbih geçen aý beren beýanatynda ýurduň 2005-nci ýylda çaga ysmazyndan saplanandygyny, emma husileriň saglyk gullukçylarynyň welaýata gelmegine ýol bermeýandigi sebäpli soňky döwürde käbir etraplarda çaga ysmazynyň ýüze çykýandygyny aýdypdy.

Hacca welaýatynyn Haýran etrabynyň Saglygy goraýyş müdiri Taryk Miswak Hibe 4 ýyldan bäri husilere tabyn ýaragly güýçleriň gabawy sebäpli enelere we bäbeklere saglyk hyzmatynyň berilýändigine ünsi çekip; “Hacca welaýatynyň demirgazygynda 2,450 sanysy 1 ýaşyna ýetmedik çaga we 9 müň sanysy 5 ýaşyna ýetmedik cemi 11,450 çaga sancymlaryň hiç haýsyny etdirip bilmedi” diýdi.



Degişli Habarlar