Russiýanyň hüjümlerinde 40 ukrain esger ýogaldy

Ukraina Russiýanyň hüjümlerinde 40 esgeriň ýogalandygyny habar berdi

1784555
Russiýanyň hüjümlerinde 40 ukrain esger ýogaldy

Ukrainanyň Döwlet baştutanynyň maslahatçysy şu gün irden başladylan hüjümlerde 40 esgeriň ýogalandygyny, onlarça adamyň bolsa ýaralanandygyny mälim etdi. 

Ukrainanyň Içeri işler ministrligi tarapyndan berilen beýanatda bolsa hüjümlerde 8 adamyň ýogalandygy, 9 adamyň bolsa ýaralanandygy aýan edildi.

Russiýanyň nyşana alyp guran hüjümleriniň arasynda bolan Kiýewde şu gün günortan täze partlamalaryň sesi eşidildi.

Kiýew bilen birlikde Harkow, Kramatorsk, Mariupol, Nikolaýew we Odessa şäherlerinde hem ýerli wagt bilen 04:50-de yzly-yzyna partlamalar boldy. 

Ukrainanyň Goranmak ministri Oleksiý Reznikow, elinde ýarag tutup bilýän ähli raýatlara ýurduny goramak barada çagyryş berdi. 

Ukrainanyň Goranmak ministri Oleksiý Reznikow, sosial media hasabyndan beren beýanatynda, ýurdunyň doly goranyş ýagdaýa geçendigini habar berdi. 

Taýar we elinde ýarag tutup bilýän her kimi Sebitleýin goranyş merkezlerine barmaklary barada çagyryş beren Reznikow, ýarag edinmek üçin pasportyň ýeterlikdigini aýan etdi. 

Beýleki tarapdan Ukrainanyň Ýaragly güýçleri Lugansk sebitinde Russiýa degişli 5 uçar bilen 1 dikuçaryň od açylyp ýere gaçyrylandygyny habar berdi. 

Russiýanyň Goranmak ministrliginden berilen ýazmaça beýanatda bolsa Ukrainanyň Rus uçaryny od açypy ýere gaçyrandygy baradaky habarynyň nädogrydygy beýan edildi. 

Ministrlik Ukrainadaky howa goranyş ulgamlarynyň, harby howa bazalarynyň we Harby-howa güýçleriniň ýokary takyk ýaraglar bilen täsirsiz ýagdaýa getirilendigini mälim etdi. 

Russiýanyň Goranmak ministrliginden berilen beýanatda, Ukrainanyň gündogaryndaky Donbassa garşy başladylan harby operasiýanyň ýurtdaky asuda ilata garşy howp abandyrmaýandygy öňe sürülip: "Ukrainadaky howa goranyş ulgamlary, harby howa bazalary we Harby-howa güýçleri ýokary takyk ýaraglar bilen täsirsiz ýagdaýa getirildi" diýip beýan edildi. 

Russiýanyň Goranmak ministrligi Ukraina garşy başladylan harby hüjümlerde asuda ilatyň we ýaraglaryny taşlan Ukrainanyň harby birkmeleriniň nyşana alynmaýandygyny belledi. 

Russiýanyň Goranmak ministrligi tarapyndan berilen ýazmaça beýanatda, ýurduň Ukraina garşy harby hüjümleri barada beýanat berdi.

Geçirilen derňewlere görä Ukrainanyň goşunyna degişli käbir birikmeleriniň yzyna çekilendigi bellenen beýanatda: "Ukrainanyň goşunynda ýaragyny taşlan birikmeleriň liniýalaryna hüjüm guralmaýar" diýip bellendi.

Russiýanyň Goranmak ministrliginiň metbugat sekretary Igor Konaşenkow, Donbassda Russiýanyň goşunynyň goldawy bilen garşyşylyklaýyn hüjümiň başladylandygyny mälim etdi.

Ukrainanyň goşunyny günäkärlän Konaşenkow: "Ukrainanyň goşuny Donbassyň parahatçylykly şäherlerini bombalamaga dowam edýär. Asuda ilatyň arasynda adam pidalary bar. Häzirki wagtda Donetsk Halk Respublikasy we Lugansk Halk Respublikasy Russiýanyň goşunynyň goldawy bilen garşylyklaýyn hüjüm başlatdy" diýip habar berdi. 

Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putin, Ukrainanyň gündogaryndaky Donbassa garşy harby operasiýa başladandyklaryny habar beripdi. 



Degişli Habarlar