“Donesk we Lugansk Halk Respublikalaryny Ykrar Etmekden Başga Çärämiz Galmady”

“Ukraina, gatnaşyklary kadalaşdyrmak üçin Krymda we Siwastopolda ýaşaýan halkyň Russiýa bilen birleşmek baradaky kararyny ykrar etmeli”

1783298
“Donesk we Lugansk Halk Respublikalaryny Ykrar Etmekden Başga Çärämiz Galmady”
Vladimir Putin.jpg
putin.JPG

Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putin, Ukrainadan aralaryndaky dartgynlygyň ortadan aýrylmagy üçin NATO agza bolmagyň ýerine bitarap statusy kabul etmegini we Krymyň anneksiýasyny ykrar etmegini isledi.

Putin başdan geçirilýän soňky wakalar hakynda metbugata beýannama berdi.

Ukrainanyň 2014-nji ýylda baglaşylan Minsk ylalaşygynyň düzgünlerini ýerine ýetirmändigi sebäpli ylalaşygyň güýjüni ýitirendigini öňe süren Putin, Günbatarly ýurtlaryň hem bu etapda uly rol oýnamandygyny belledi.

Rus lideri “Şol sebapli hem Donesk we Lugansk Halk Respublikalaryny ykrar etmekden başga çärämiz galmady. Hawa, indi Minsk ylalaşygy ýok. Doneksiň we Luganskyň garaşsyzlygyny ykrar etdik” diýdi.

Ukrainanyň NATO agzalygy barada hem durup geçen Putin “Günbatarly ýurtlardaky kärdeşlerimiz üçin bu meseläniň iň gowy çözgüdi, resmi Kiýewi NATO agzalyga kabul etmekden ýüz öwürmegi, bitaraplyga goldaw berilmegi bolar” diýip belledi.

Wladimir Putin “Ukraina, gatnaşyklary kadalaşdyrmak üçin Krymda we Siwastopolda ýaşaýan halkyň Russiýa bilen birleşmek baradaky kararyny ykrar etmeli” diýdi.

 

 

 



Degişli Habarlar