Aş Şebab Her Ýyl Ýaraglanma Üçin 24 Million Dollar Sarp Edýär

Aş Şebabyň ýyllyk girdejisiniň 100 million dollara barabar bolandygy bellenildi.

1782995
Aş Şebab Her Ýyl Ýaraglanma Üçin 24 Million Dollar Sarp Edýär

Somalide terror guramasy Aş Şebab ýaraglanma üçin her ýyl 24 million dollar sarp edýär.

Merkezi Mogadişuda ýerleşýän Hiraal instituty, Aş Şebabyň girdejileri we ýaraglanma çykdajylary hakynda ýörite habarnama taýarlady.

Habarnamada, Aş Şebabyň ýaraglaryny, partlaýjy maddalaryny we beýleki harby enjamlaryny Ýemeniň üsti bilen getirdýändigi we guramanyň her aý 2 million dollarlyk, ýylda bolsa 24 million dollarlyk ýarag alýandygy nygtaldy.

Habarnamada, guramanyň salgytlardan uly girdeji gazanýandygy we ýyllyk girdejisiniň 100 million dollara barabar bolandygy bellenildi.

Aş Şebab 2000-njy ýyllaryň ortalaryndan bäri Mogadişuda gurlan hökümeti agdarmaga çalyşýar.

Şol bir wagtda Somaliniň goňşusy Keniýada hem wagtal-wagtal terrorçylykly hüjümler guraýar.

 

 

 

 

 



Degişli Habarlar